Bagtyýar ýaşlaryň buýsanjy

935
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, başy başlanan beýik özgertmeleri geljekde mynasyp dowam etdirjek ýaş nesiller baradaky hemmetaraplaýyn alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň gözbaşynda durýar.
   Ýaňy-ýakynda ata Watanymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2023 – 2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli –ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Şanly waka mynasybetli guralýan dabaralaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.
Jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni binýady bolup durýan bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ýurdy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we doly açmak, ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär.
   Türkmen halkynyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna ajaýyp sowgat hökmünde Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim edaralary — Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde ýaşlar üçin gapylaryny giňden açdylar. Seýle-de ýurdumyzyň hususy kärhanalary tarapyndan bina edilen iri desgalaryň hatarynda paýtagtymyzda gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy hem bar.
   Häzirki wagtda orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, olar milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir, ol ynsany belentliklere göterýär” diýip belleýär.
   Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly, ylmy taýdan esaslandyrylan, halkymyzyň şöhratly taryhy we onuň belent ruhy-ahlak ýörelgeleri hem-de asyrlaryň dowamynda kemala gelen parasatly däpleri, şol sanda döwlet gurluşy we dolandyryşy bilen bagly däpleri barada gürrüň berýän ajaýyp eserleri mugallymlar üçin gymmatly usuly gollanma bolup durýar. Hormatly Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň on iki görnüşini beýan edendigini nygtady. Olar şulardan ybarat:
watançylyk terbiýesi;
döredijilik we zehin terbiýesi;
akyl we pikir terbiýesi;
ylym terbiýesi;
medeni aň-düşünje terbiýesi;
kär-hünär terbiýesi;
sungat terbiýesi;
syýasy terbiýe;
maliýe-ykdysady terbiýe;
jemgyýetçilik terbiýesi;
dil terbiýesi;
ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi.
   Mundan başga-da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Alym Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ÝUNESKO bilen däp bolan gatnaşyklar yzygiderli täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmegi bu baýramçylyga uly sowgat boldy. Munuň özi täze taryhy eýýamda geljegimiz bolan ýaşlara bildirilýän uly ynamyň netijesidir. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gözel diýarymyzda, geçirilýän döwlet ähmiýetli şeýle dabaralara, ýurdumyzyň baýry ýokary okuw jaýlary bilen bilelikde, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň we halypa mugallymlarynyň gatnaşmagy, açylyş dabaralarynda çykyş etmekleri juda buýsandyryjydyr. 
   Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna hem-de bilim ulgamynyň ähli işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen Gutlagynda: “Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr” diýip belläp, olara berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işlerinde, okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu biziň üçin uly buýsançdyr, watançylyk söýgüsiniň ebedi çeşmesidir. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun.

Ogulgerek Jumaýewa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 
uly mugallymy

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm