Ýaş nesillere öwüt–ündew terbiýesi

891
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 1-nji Sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlary bilen umumy okuw sapagyny geçirdi. Hormatly Arkadagymyz umumy okuw sapagynyň başynda ýakynlaşyp gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygy bilen umumy okuw sapagyna gatnaşyjylary gutlady. Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagynyň dowamynda ýaşlarymyza özüniň öwüt-ündewlerini berdi. Okuw sapagy ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup olarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzyň bagtyýar talyp ýaşlary bilen bir hatarda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlaryna we bagtyýar talyp ýaşlaryna okuw sapaga gatnaşmak miýesser etdi. 
   Biz bu arzyly pursat üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýdýarys. 

“Syýahatçylyk” kafedrasynyň müdiri,
Pirguly Pirgulyýew

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm