“Garaşsyzlyk – bagtymyz"

874
   Milli Liderimiziň Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitap edilip, kitabyň ady il-halkymyzyň “Garaşsyzlyk” diýen mukaddes düşünjä bolan garaýşyny aňladýan anyk kesgitleme boldy. Halkymyzda döwlet Garaşsyzlygymyza mukaddeslik hökmünde görülýär, adamzadyň iň arzyly gymmatlygy – maksady bolan bagt hasap edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň çar künjünde şowhunly dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Baýramçylygyň öň ýanyndan ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda, ylym-bilim edaralarynda aýdym-sazly dabaralar gurnalýar. Türkmen döwlet medeniýet instituty ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdebi bolandygy üçin,  dabaralar talyp ýaşlaryň ýürek  joşgunyny aňladýan buýsançly çykyşlara beslenýär. 
  Türkmen döwlet medeniýet institutynyň esasy binasynyň öňünde mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygymyza bagyşlanan halypalaryň we dörediji talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda çykyşlar guraldy we ýazgy edildi.  Mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlanan edebi-sazly çykyşlarda, aýdym-sazlarda eziz Watanymyz, mukaddes Garaşsyzlygymyz wasp edildi. Bu çykyşlar institutda zähmet çekýän ussat halypalaryň dörediji ýaşlara halypaçylygynyň esasynda taýýarlanyp, olaryň zähmetiniň netijesini hem aňladýar. 
   Garaşsyzlyk baýramçylygyny institutyň halypa mugallymlary, dörediji ýaşlary uly üstünlikleri bilen garşy alýarlar.  
    Mukaddes Garaşsyzlygymyz mynasybetli dabaralar dowam edýär.

Kulowa Gülbahar 
Teatr sungaty fakultetiniň 
Kino we teleradio sungatlary 
kafedrasynyň uly mugallymy

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm