Maslahatly biçilen don gysga bolmaz

710
   Ol gün altyn güýzüň şanly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan güni boldy. Çünki, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylymyzyň  her bir gününi zähmet üstünliklerine beslemek bilen toýdan toýlara, baýramlardan baýramlara barýan mähriban halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüp, özgermegi ugrunda, abadan durmuşyň hatyrasyna durmuşa geçiriljek işleri halk bilen maslahatlaşmagy, ýaşululara sala salmagy, täzeçil pikirlenmäge ukyply ýaşlaryň tekliplerine ünsi çekmegi türkmen halkynyň has gadymdan gelýän göreldeli milli ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. "Maslahatly biçilen don gysga bolmaz" diýlişi ýaly, döwletli maslahata mukaddes bilim ojagymyz bolan Türkmen döwlet medeniýet institutymyzdan halypa mugallymlarymyz bilen birlikde talyp ýoldaşlarymyz bolup, bize hem gatnaşmak bagty miýesser etdi. Maslahatyň dowamynda il-ýurt, döwlet ähmiýetli täze başlangyçlar öňe sürülip,  halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalara esasy üns çekildi we öňde goýulan möhüm meseleleriň oňyn çözgütleri kesgitlenildi. Mundan başgada maslahatyň dowamynda degişli döwrüň içinde dürli ugurlar boýunça gazanylan üstünlikler, buýsançly gürrüňler gyzgyn el çarpyşmalara beslenip, halkymyzy täze-täze üstünliklere ruhlandyrdy. 
   Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlamagy, ata Watanymyza bir kemsiz gulluk edip, zähmetde tapawutlanan ildeşlerimize döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen baglanyşykly tolgundyryjy pursatlary söz bilen beýan etmek kyn. 
    Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri sena kibi ýaňlandy.

Süleýman Haýdarow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Teatr sungaty fakultetiniň 
Dramaturgiýa taýýarlygyň 
ugrunyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm