Arkadag şäherine döredijilikli gezelenç

877
   Ynsan ykbalyndaky bagtly pursatlar hakyda ýadygärligi bolup galýar.  Ýyllaryň ýakymly ýatlamalary bizi geljege hasda umytlandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň  professor mugallymlary, bagtyýar talyp ýaşlary bilen bilelikde Arkadag şäherine, geljegiň şäherine, ýaşlaryň şäherine ençe ýola gezelenç etmek bagty miýesser etdi. Olaryň her birinde hem täsirli pursatlaryň şaýady bolýarsyň. Bu gezekki gezelenjiň biz üçin has-da täsirli bolmagy döredijilik ugurly desgalara, edara-binalaryna guralmagy boldy. Arkadag şäherine ilkinji ädimi Arkadag binasyndan başlamaklyk biziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Sebäbi Türkmen halkynyň Milli Lideri Watanmyzy ösüşli-özgerişli döwrana ýetirdi. Döredijilik ugurly edara binalary barada aýdylanda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Döwletmämmet azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we başgada ençeme döredijilik ugurly desgalara guralan gezelençler mugallymlar, bagtyýar talyp ýaşlaryň göwün guşyny ganatlandyryp, olary täze döredijilik gözleglerine iterdi. Şeýle ajaýyp pursatlaryň şaýady bolan mugallymlar, talyp ýaşlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.
Guwançmyrat Amangeldiýew,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
«Medeniýeti öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm