Buýsanjym-çäksiz
907 Ýurdumyzda halk hojalygynyň beýleki ugurlary bilen birlikde, medeniýet ulgamynyň ösüşi hem ýokary netijelere eýe bolýar. Şunuň özi kino, teleradio sungatlarynyň işi bilen hem baglanyşyklydyr. Türkmen kinosynyň dünýä tomaşaçylarynyň ünsüni çekýän gyzyklylygyny we täsirliligini gazanmak kyn iş. Türkmen kinoçylarynyň, artistleriniň öz täze döreden filmleri, keşpleri bilen daşary ýurtlarda geçirilýän kinofestiwallaryna we bäsleşiklerine gatnaşyp, abraýly derejelere mynasyp bolýandygy bolsa, şu ugurda döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinden habar berýär. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 14–15-i aralygynda ýurdumyzda “Arkadagyň säheri” ady bilen geçirilen halkara kinofestiwaly hem şoňa mysaldyr.Ýaş kinoçylaryň hatarynda maňa hem şol festiwala öz surata düşüren filmim bilen gatnaşmak miýesser etdi. “Nesibe” filminiň mazmuny adyndan hem belli bolşy ýaly, türkmençilik ýörelgelerindäki “nesip etmek” diýen düşünje bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 14–15-i aralygynda “Arkadagyň säheri” ady bilen geçirilen halkara kinofestiwalynyň gatnaşandygym üçin “Diplom” bilen sylaglandym. Bu bolsa, meniň üçin ýatdan çykmajak waka boldy.
Ýurdumyzda sungatyň köptaraplaýyn ösüşleriniň üpjün edilmegi babatda uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, olaryň janlary sag bolsun, mertebeleri belent bolsun.
Guwanç Nazarow,
Teatr sungaty fakultetiniň
öwreniji mugallymy