BUÝSANJYM – ÇÄKSIZ
782 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiz bilen baglanyşykly wakalaryň mazmuny has baýlaşýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden “Türkmen alabaýy merdanalygyň nusgasy” atly döredijilik bäsleşigi hem şonuň mysalydyr. Ýaňy ýakynda şol bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilip, maňa ýeňiji bolmak miýesser etdi. Bu meniň üçin diýseň buýsançly waka boldy.
Mälim bolşy ýaly, mähriban Watanymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilýär. Şu bäsleşige bagtyýar ýaşlaryň birnäçesi gatnaşdy hem-de türkmen alabaýynyň döredijilikdäki ajaýyp keşbini giňden dabaralandyrdylar. Döredijilik bäsleşiginiň göwün joşduryjy dabarasy Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Döredijilik äleminde tapawutlanan ýaşlara sowgatlar gowşuryldy. Şeýle ajaýyp pursatlara şaýat bolmak bagtynyň miýesser edendigi üçin diýseň begenýärin. Geljekde hem täzeçilligiň gözleginde bolup, döwrümiziň ösüşlerinden joşgun alyp, watançylyk, syýasy- jemgyýetçilik ähmiýetli makalalary habar beriş serişdeleriniň üsti bilen yzygiderli halkymyza ýetireris. Ýaşlaryň ylmy, hünär we döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek, olary watansöýüjilik duýgusynda terbiýelemek ugrunda ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini ýaş ýüregimden arzuw edýärin. Goý, her bir maşgalada parahatçylyk we abadançylyk höküm sürsün!
Aýna Geldimyradowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Kitaphanaçylyk fakultetiniň
Muzeologiýa, medeni we tebigy
miras ýadygärliklerini goramak
taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby