USSADYŇ HORMATYNA DABARALAR

748
   Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowuň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli, “Mukama siňen ömür” atly iki günlük festiwal geçirildi. Bu festiwalyň çäklerinde, ýurdumyzyň döredijilik ugurly okuw mekdeplerinde, şol sanda Türkmen döwlet medeniýet institutynda hem çäreler geçirildi. Şonda hem görnükli kompozitoryň kino sazlaryny dörediji ussat hökmündäki döredijilik aýratynlygy hakynda söhbet edildi. Talyplar bilen geçirilen döredijilik duşuşygyny Türkmenistanyň Halk artisti Gülälek Akmyradowa alyp bardy. Şeýle hem oňa sungat ugrunda işlän görnükli halypalar gatnaşdylar. Halypalaryň gyzykly söhbetine ussadyň ajaýyp sazlary ýaňlanyp, has-da manysyny baýlaşdyrdy.  Nury Halmämmedowuň döredijiligine bagyşlanan festiwal görnükli kompozitoryň döreden sazlarynyň dünýäniň saz älemindäki ornuny täze belentlige galdyrdy. 
    Nury Halmämmedowyň döredijiligi kinokompozitory hökmünde has ähmiýetli mazmuna eýedir. Şuny institutda geçirilen döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar hem tassyk etdiler. Şeýle çäreler ýurdumyzda sungatda yz galdyran ussat halypalaryň mirasyna goýulýan sarpanyň subutnamasydyr. 
Aýna Işangulyýewa, 
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň mugallymy 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm