PYRAGYNYŇ SÖZLERINE AÝDYM-SAZLAR

764
   Magtymguly – ulus-illeri birleşdirýän beýik şahsyýet. Pyragynyň dürdäne setirler aýdym bolup, dürli halklaryň dillerinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň Merkezi Aziýanyň halklarynyň arasynda meşhurlygynyň akyldaryň goşgularynyň bagşylaryň dilinde aýdym bolup aýdylýandygy bilen baglanyşdyrylmagy tötänleýin däl. Akyldaryň giňden meşhur bolmagynyň esasy sebäpleriniň biri hem aýdym-saz sungatyndan gözbaş alýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça çäreler ýurdumyzda giň gerim alýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny dabaraly bellenmeginiň meýilnamasynyň çäklerinde “Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar” atly aýdym- sazly poeziýa agşamyny geçirmek”, “Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýerine ýetiren aýdymlaryna onlaýn üsti bilen tomaşa etmek we Magtymgulyny dünýä ýüzüne wagyz etmek” ýaly ugurlardaky alnyp barylýan işler hem şahyryň sözlerine döredilen we aýdylyp gelinýän aýdym-sazlar bilen baglanyşyklydyr. 
   Ýaňy ýakynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Seýitguly Tülegenowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdymlary “Türkmen owazy” teleýaýlymy üçin ýazgy edilip ýaýlyma hödürlendi. Bu aýdymlar şahyryň, söýgi-durmuş, ahlaklylyk hakyndaky şygyrlarynyň esasynda taýýarlanyldy.
   Ýaş aýdymçy şahyryň sözleriniň öwüt berijilik häsiýetini aýratyn äheňde,ýürege ýakyn mazmun bermegi başardy. Ussat, akyldar şahyryň sözlerine ýerine ýetirilen aýdymlar ýaş, zehinli aýdymçynyň şahyryň doglan gününiň baýramçylygyny mynasyp garşylamaga taýýarlan sowgadydyr. 
   Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýerine ýetirilen aýdymlar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Gurbanow Gurbandurdy,

Türkmenistanyň at gazanan

Artisti, Medeni guramaçylyk

kafedrasynyň uly mugallymy

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm