ŞÖHRATLY ÝYLYŇ WASPY

673
   Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, döwlet muzeýleriniň, kitaphanalarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, muzeý gymmatlyklarynyň, kitaplaryň göçme sergisini guramaklyk meýilleşdirildi. Şunuň bilen baglylykdaky ýörite tertipnamanyň esasynda, 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 04-09-y aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda” atly göçme sergi guraldy. Sergini Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanasy bilelikde gurady. Sergide ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän eserler, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli eserler, şeýle-de ýurdumyzyň ýaşlaryna nusga boljak şahsyýetlere bagyşlanan eserler ýaýbaňlandyryldy. Sergä ýokary okuw mekdebimiziň professor mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de myhmanlar gatnaşdylar.
    Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik, ylym jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda” atly sergä bagyşlanyp söhbetdeşlik hem geçirildi. Onda şöhratly wakalara beslenen üstümizdäki ýylda gazanylan üstünlikler barada joşgunly söhbet edildi.  Şeýle hem gyzykly pikir alyşmalar guraldy. Çäräniň ahyrynda bolsa, oňa gatnaşyjylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerinden alkyş sözlerini aýtdylar.
   “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda” atly sergi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Durdyýewa Gülbahar,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň kitaphana müdiri

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm