ÝATDAN ÇYKMAJAK PURSAT

644
   Durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlarymyň biri öz halaýan kärime eýe bolmak üçin medeniýet ugrundan hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebine okuwa kabul edilmegim boldy. Soň bolsa, bagtly pursatlar biri-biri bilen utgaşyp gitdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 25-nji dekabrynda çykaran kararyna laýyklykda, maňa döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda geçirilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda sylaglanmak bagty miýesser etdi. Häzir Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň “Rejelemek işi” taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby. Biz milli-medeni baýlyklarymyzyň dabaralanýan döwründe ýaşaýandygymyz üçin hem örän bagtly ýaşlar. Medeniýet ulgamynda işlejek geljekki hünärmenleriň  öz söýýän kärlerine has yhlasly ýapyşmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler meni çäksiz begendirýär. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda geçirilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda altyn zynjyra we pul sylagyna mynasyp bolmagym bolsa, göwün guşuma  ganat berdi. Goý, biz üçin şeýle uly mümkinçilikleriň döredilýän döwri dowamat dowam bolsun. Gahryman Arkadagymyz Milli Liderimiziň, Belent mertebeli Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Bekbaýewa Gurbangül
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Kitaphanaçylyk fakultetiniň Rejelemek işi
taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm