MAGLUMATLAR ASYRYNYŇ MÖHÜM WEZIPELERI

409
   XXI asyr “Maglumatlar asyry” hökmünde häsiýetlendirilýär. “Maglumatlar asyry”, “Maglumatly jemgyýet” düşünjeleri ýygy ulanylmaga başlandy. Şonuň bilen baglylykda alnanda media sowatlylygy we maglumat sowatlylygy düşünjeleri hem aýratyn mazmuna eýedir. Maglumatlardan peýdalanmak babatda sowatly adam olary özüni kämilleşdirmek üçin netijeli ulanyp bilýär. ÝUNESKO-nyň bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça instituty bilen ÝUNESKO-nyň garamagyndaky ýokary bilim ulgamynda innowasiýalar Halkara merkeziniň guraýan onlaýn okuwy şu tema bagyşlanylýar. Mälim bolşy ýaly Türkmen döwlet medeniýet institutynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek öňde goýulýan maksatlaryň biridir. “Media we maglumat sowatlylygyna giriş” diýen temada 5-nji fewralda geçirilen onlaýn okuwy oňa gatnaşan mugallymlarda we talyplarda uly täsir galdyrdy. Okuwyň dowamynda oňa gatnaşyjylar özleri üçin sowallary berýärler. Olaryň göni gatnaşmagy, sowallar bilen okuwa goşulyşmagy üçin döredilen mümkinçilik webinaryň artykmaçlygydyr. Bilim berilýän wagtynda media we maglumat howpsuzlygyny ulanmagyň mümkinçilikleri hakynda gyzykly pikirler aýdyldy.
   Media we maglumat sowatlylygyny artdyrmaga bagyşlanan bu webinar degişli ugurda iş alyp barýan tejribeli hünärmenler çykyş etdiler. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ÝUNESKO bilen alnyp barylýan işleriň gerimi giňeýär.

Mollaýewa Oguldursun, 
Teatr sungaty  fakultetiniň mugallymy 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm