ÝYLYŇ ADY DABARALANÝAR
6372024-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady 2023–2024-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy geçirildi. Institutyň uly mejlisler zalynda geçirilen bu umumy sapagy Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň halypa mugallymy Enebaý Garajaýewa geçdi. Bu sapak “Türkmenistanyň bilim edaralarynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen geçiriljek 2023–2024-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagyny guramak boýunça “Usuly maslahatlara” esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlary boýunça gazanylýan ösüşleriň netijeleri, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan geçen 2023-nji ýylyň taryhy ähmiýetli wakalary, Hormatly Prezidentimiziň ─ Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň esasynda döwletimizde ylym-bilim ulgamynyň ösüşleri we beýleki baý mazmunly wakalar barasynda çykyşda beýan edildi.
Kerwen Şamyradow
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň mugallymy,
Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy