Bäsleşigiň ýeňijileri
532 Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan döredijilik we ylym bilen meşgullanýan türkmenistanlylaryň, ýurdumyzda we daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlarynyň arasynda yglan edilen “Magtymguly, dile dessan getirdim” atly döredijilik bäsleşigine işjeň gatnaşandygym hem-de döredijilik ukyp-başarnygym bilen tapawutlanyp “Magtymgulynyň şygyrlary edep-terbiýe mekdebi” atly ylmy makalam bilen çykyş edip 2-nji oruna mynasyp boldym.
Şunuň ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Bahar Ataýewa
Syýahatçylyk kafedrasynyň mugallymy