Bäsleşigiň ýeňijileri

525
   Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet we sungat ulgamyna uly ähmiýet berilýär. Muňa bolsa ýakynda ýagny "Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylymyzda ýurdumyzyň dramaturglary bilen geçirilen döredijilik bäsleşigi, şeýlede şol bäsleşikde ýazylan sahna eserleri aýdyň şaýatlyk edýär. Aýratyn buýsandyryjy wakalaryň biri hem maňa-da bu bäsleşige "Rowaýata syýahat" atly sahna eserim bilen gatnaşyp baýrakly oruna mynasyp bolmak nesip etdi. Elbetde şeýle döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli guralmagy bizi döredijilige teşne ýaşlary has-da buýsandyrýar. Saýlan hünärimize bolan söýgümizi has-da artdyrýar. Pursatdan peýdalanyp medeniýetiň we sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleriniň uzak, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuwlaýarys.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm