ARKADAG ŞÄHERINDE ELWAN GÜLLER AÇYLÝAR

1590
   Ýakynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde gelin-gyzlaryň waspy” atly tegelek stoluň başynda söhbet we “Gülden görkli gözeller” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň  sergisi guraldy. Bu çärä köpsanly döredijilik işgärleri bilen birlikde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary hem gatnaşdylar. Juwanlygyň şäheri gözel Arkadag şäherinde geçirilen buýsançly dabaralara gatnaşmak bizde ýakymly täsirleri galdyrdy. Muzeýiň binasynyň we gymmatlyklarynyň köp öwüşginli gözelligi täsin şäheriň gözelligine sazlaşyp, türkmeniň baky ýazlara çalymdaş dünýäsini baýlaşdyrýar.  Ajaýyp pursatlara şaýat bolmagymyz üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy aýdýarys.

Sähragül Janmämmedowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm