SANLY ULGAM BOÝUNÇA ONLAÝN OKUW

592
Baharyň ilkinji aýy medeni-köpçülikleýin dabaralara, toý-baýramlara örän baý. Şonuň bilen birlikde, ýokary okuw mekdebimizde häzirki döwürde okuw-usuly işler hem işjeň ýaýbaňlanýar. Şeýle çäreleriň biri ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramaçylygynda “Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde sanly bilim, sanly ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy boýunça ýöredilmeli resminamalar” ady bilen geçirildi. Bu onlaýn seminary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Maglumatlar we okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň başlygy Wepa Kowsyýew alyp bardy. Seminarda bellenen maglumatlar bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler, mugallymlar üçin örän ähmiýetli boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iň täze tehnologiýalar, sanly ulgam babatda bilimlerimizi artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny, alyp barýan işlerini hemişe rowaçlanmagyny arzuw edýärin.

Ogulsona GOJAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Maglumat ulgamlary kafedrasynyň müdiri.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm