«BAHARYŇ BUŞLUKÇYSY» - ÝEŇŞIŇ BUŞLUKÇYSY

1619
   Her bir ynsanyň ömründe ýatdan çykmajak şatlykly pursatlar bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly  durmuşymda ýakymly wakalaryň ýyly boldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplyk ýyllarynyň paýawlaýan döwründe «Baharyň buşlukçysy gelýär» atly ilkinji çeper oýlanma bilen synanyşygym döredijilige yhlasly ýaşlaryň bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldy. 
   «Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» atly döredijilik bäsleşigi ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Bu bäsleşikde şygyr, hekaýa we çeper oýlanma ýaly ugurlarda ýaşlar zehinlerini synadylar. Bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda 3-nji orna mynasyp bolmagym yhlasly okamaga, döredijilikli işlemäge has-da ruhlandyrýar. Şeýle şatlykly pursatlarymyz üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden hoşallygymyzy aýdýarys.
Gülendam ANNAMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
dramaturgiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm