SPORT — SAGDYNLYGYŇ SAKASY

279
   Asylly däbe görä, her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk çäreleridir hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilip, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýörişlerdir ýaryşlar giňden ýaýbaňlandyrylýar.
   Ine, biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport meýdançasynda bedenterbiýe maşklarydyr sportuň dürli görnüşleri boýunça çäre geçirildi. Onda talyplaryň sportuň uzak aralyga ylgamak, tigir sürmek, ýaglyga towusmak, woleýbol, basketbol ýaly görnüşleri boýunça özara güýç synanyşyk çykyşlary guraldy. Çeýeligi bilen ykjam taýýarlanan talyplar çärä gatnaşyjylaryň öňünde sagdynlygyň sakasynyň sportdadygyny özleriniň tutanýerlikli hereketleri bilen subut etdiler. Arassa howa, bahar paslynyň hoşboýlygy we gözelligi, şähdiaçyklyk, nuranalyk... bularyň barysy bir ýere jemlenmek bilen, sport çäresine gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.
   Çykyşlaryň ahyrynda gatnaşyjylar ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini buýsanç bilen aýtdylar. 
Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm