ÝAŞ MAŞGALA – JEMGYÝETIŇ DOWAMATY

270
Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýen ajaýyp jümlesinden ugur alnyp, ýokary okuw mekdepleriniň, orta hünär okuw we orta bilim berýän mekdepleriniň talyplarynyň we okuwçylarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak we hormatlamak, maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, üstünlikleri, pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni hem-de Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde zenanlarymyzyň, ýaşlarymyzyň gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen «Ýaş maşgala jemgyýetimiziň kuwwatly güýjüdir» atly wagyz-nesihat çäresi Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirildi. Çäre görkeziş, öwüt-ündew çykyşlary, sorag-jogap alyşmalary, teswirleri bilen işjeň häsiýete boldy. 
Selwer IBRAGIMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm