GEÇMIŞE SARPA — GELJEGE YNAM

375
   Ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara institutymyzyň halypa mugallymlarydyr talyp ýaşlary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu täze eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir. 
   Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni  mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, mazmunynyň maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilendigi bellenildi. Ajaýyp eser özüniň jilweli setirleri bilen birlikde, köpöwüşgünli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň eserleri bilen bezelip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilipdir. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki kitap ýurdumyzyň, şol sanda daşar ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekjekdigi ikuçsuz.
Goý, şeýle ajaýyp kitaplary giň türkmen halkyna peşgeş berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri zyýada bolsun!

Ylham AGAMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm