TUTUŞ ÝURTDA KÖPUGURLY SPORT ÇÄRESI
363 Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpugurly sport çärelerine Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bagtyýar talyplary hem örän işeňňirlik bilen gatnaşdylar. Aýratyn-da, köpçülikleýin welosipedli ýöriş gyzgalaňly geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köpçülikleýin welosipedli ýörişe, hut özüniň gatnaşmagy ruhumyzy has-da belende göterdi.
Bilşimiz ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri ynsan saglygy üçin örän peýdaly bolup durýar. Ynsan saglygy babatynda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza kalbymyz alkyşdan doly.
Begmyrat BALAKAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Talyplar sport klubynyň başlygy.