DERS BÄSLEŞIGI ONLAÝN GÖRNÜŞDE GEÇIRILDI
2891 Ýakynda Türkmen döwlet medeniýet institutyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersi boýunça internet we sanly bilim tory arkaly onlaýn ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň maksady Watanymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekden, ylym-bilim ulgamynda özara tejribe alyşmakdan hem-de häzirki döwürde kompýuter tehnologiýalary bilen baglanşykly ugurlarda ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmekden ybaratdyr. Onlaýn ders bäsleşigine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary gatnaşdy. Bäsleşigiň şertine laýyklykda oňa gatnaşyjy talyp ýaşlar bellenilen 60 minudyň dowamynda 50 sany soragdan ybarat teste jogap berdiler.
Bäsleşigiň netijesinde 1-nji derejeli diplomlara Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Akyýew Nedir, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gullyýew Akmyrat, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Baýrammyradow Begenç, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Orazlyýew Yhlas hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Muhammedow Baýnazar mynasyp boldylar.
2-nji derejeli diplomlara Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Gurbanmuhammedow Sylag, Esenowa Mahym, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyplary Öwezowa Jahan hem-de Satybaldyýew Akmyrat, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Şyhyýewa Mylaýym, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Geldiýew Seýitmyrat, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Atamyradow Merdan mynasyp boldylar.
Onlaýn ders bäsleşiginiň 3-nji derejeli diplomlaryna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Babaýew Sumbar, Nurmyradow Akmuhammet hem-de Berdiýew Sanjar, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Annageldiýewa Söýli, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Amanow Şanazar, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby Temirow Akmuhammet, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Ýazgylyjow Hojaýusup, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Azimow Begenç, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby Agaberdiýew Mukam mynasyp boldylar.
Maral MEREDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Maglumat ulgamlary kafedrasynyň mugallymy.