TALYPLAR BÄSLEŞDILER
671 Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda, şeýle-de ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, Watanymyzyň taryhy boýunça özbaşdak pikirlenmegi başarýan, taryhyň özleşdiren tejribesine ylmy esasda göz ýetirmäge ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ýokary okuw mekdepleriniň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutynda 16-njy aprelde Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça açyk ders bäsleşigi geçirildi.
Bu bäsleşik onlaýn görnüşde geçirilip, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 24-sinden jemi 96 talyp gatnaşdy. Bu çäre institutyň rektory tarapyndan tassyklanan Düzgünnama esasynda bir tapgyrda we test görnüşinde geçirildi. Bäsleşigiň guramaçylykly geçirilmeginde institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty D. Babaýew, halypa mugallymlar B. Muhammetberdiýew, E. Garajaýewa, G. Karaýewa, O. Mirzaýewa, G. Geldyýewa dagynyň tagallalary uludyr.
Bu bäsleşik talyplarda taryhy öwrenmegiň şahsyýetiň umumy ösüşindäki ornuna oňyn garaýşyň kemala gelmeginde uly mazmuna eýe boldy. Şeýle hem ders bäsleşiginiň esasy wezipeleriniň biri talyplara toparlaýyn işlemegi öwretmek bilen baglanyşyklydyr. Bäsleşigiň örän gyzgalaňly geçendigi bellenilmelidir. Talyplar ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde köptaraplaýyn ukyplaryny açyp görkezdiler.
Emin agzalarynyň çykaran netijeleri boýunça bäsleşikde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem çäräniň guramaçylary bolan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň toparlary tapawutlandylar. Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça öz tapawutly bilimlerini görkezen talyplar 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanylýar.
Ejebaý AŞIROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.