DOST-DOGANLYGYŇ BAÝRAMY

374
   Medeniýet – halklary dostluga çagyrýar. Şonuň bilen birlikde owalky dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar.
   Ine, şu ýylyň aprel aýynyň 3-5-i aralygynda Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Duşenbe şäherinde ýerleşýän Täjigistanyň Sadriddin Aýni adyndaky opera we balet döwlet akademiki teatrynda Türkmenistanyň Täjigistandky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde «Türkmen ilinden salam!» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Buýsanç bilen bellärlikli zatlaryň biri hem, biziň institutymyzyň «Miras» folklor- tans topary doganlyk täjik sahnasynda ajaýyp sungat çykyşlaryny görkezdiler. Toparymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine sungat ussatlarymyzyň ýerine ýetiren pursatlarynda özleriniň folklor çykyşlaryny hem ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle çykyşlara tomaşa edenler türkmen medeniýetiniň şöhratynyň, mizemezliginiň ýene-de bir gezek şaýady boldular. Türkmen milli küştdepdi tansy oňa gatnaşyjylaryň göwün guşuny has-da ganatlandyrdy.
   Medeniýet günleriniň tamamlanýan gününde oňa gatnaşanlar birek-birege hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dost-doganlygyň baýramyna öwrülen Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günleri özüniň ýatdan çykmajak wakalary bilen gören-eşideniň hakydasynda ýaşar. 
Laçyn RAHMANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 
dramaturgiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm