«SANLY ULGAMYŇ MÜMKINÇILIKLERI» ATLY ONLAÝN YLMY-AMALY MASLAHAT

420
   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzyň medeni ösüşinde köpsanly möhüm çäreleriň giňden geçirilýän ýyllarynyň birine öwrüldi. Elbetde, ýurdumyzyň medeni ösüşini halkymyzyň geçmişi baradaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýän, halkyň taryhy hakydasyny ebedileşdirýän muzeýsiz göz öňüne getirmek gaty kyndyr. Şulardan ugur alnyp, ýurdumyzyň muzeýlerini we muzeý işini kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda muzeý ulgamyny kämilleşdirmekde-de sanly ulgamyň gazananlaryny ornaşdyrmak öňümizdäki duran möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar.
   Hut şu maksat bilen hem, 2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň  Medeniýet  Ministrligi bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda  «Sanly ulgamyň mümkinçilikleri»  atly onlaýn ylmy-amaly maslahat guraldy. 
   Onlaýn maslahat Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň,  Türkmenistanyň Döwlet çepeçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik  akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň gatnaşmagynda geçirildi. «Sanly ulgamyň mümkinçilikleri» atly onlaýn ylmy-amaly maslahatda muzeý ugrunyň hünärmenleri, mugallymlar, talyplar çykyş etdiler we özara tejribe alyşdylar. Sanly ulgamyň  gazanan üstünlikleriniň muzeý işini kämilleşdirmekdäki ähmiýeti baradaky täsirli çykyşlar öran gyzykly geçen onlaýn maslahatyň özenini düzdi. 
   Talyplaryň we mugallymlaryň tejribesini artdyrmak üçin onlaýn maslahatlary, duşuşyklary yzygiderli geçirmek biziň Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda indi däbe öwrüldi. Diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri, ýokary okuw mekdepleri, ussat  alymlarydyr  hünärmenleri bilen onlaýn seminarlar, maslahatlar ýygy-ýygydan guralýar. Ýokarda  aýdylanlar ähli pudaklara sanly ulgamyň ýokary derejede  ornaşdyrylýandygyny,  bize döredilýän mümkinçilikleriň uludygyny  aýdyň görkezýär. 
Şeýle ajaýyp işleriň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, alyp  barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Oraz MURADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 
Kitaphanaçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm