GYMMATLY GOLLANMA
382 Ýaňy-ýakynda Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde ýerleşýän TÜRKSOÝ guramasynyň Baş Edarasynyň binasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Ankarada işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, dostlukly ýurduň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle-de Türkiýede kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň başynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi. Hususan-da, institutymyzyň wekilleri hem çuň manyly çykyş etdiler. Ýene-de bir buýsançly bellemeli zat, institutymyzyň «Miras» folklor-tans topary hem milli tansymyz — küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi. Bu ýagdaý oňa gatnaşanlaryň göz öňünde türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna bolan hormat-sarpanyň nyşany boldy.
Enejan ANNAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Okuw teatrynyň ýolbaşçysy.