YHLASYŇ MIWESI

445
   Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Agrar partiýasy hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň bilelikde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň X ýyllygy we türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli yglan edilen «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Has takygy, bu bäsleşikde baýrakly 1-nji oruna mynasyp boldum. Dabarada çykyş eden gazetiň halypa işgärleri bäsleşigiň örän çekeleşikli ýagdaýda geçendigini buýsançly bellediler. Esasan-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gelen eserleriň aglabasynyň kämildigini aýtdylar. Bäsleşige özümiň «Ýürekdeşlik» atly çeper makalam bilen gatnaşdym. Ondaky gozgalýan gürrüň behişdi bedewlerimiz bilen ynsanyýetiň arasyndaky dostluk, ýürekdeşlik ýaly ynsanperwerlik duýgulary hakyndady. 
   Goý, döredijilik bilen meşgullanýan biz ýaşlara şeýlekin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Dramaturgiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm