BÄSLEŞIK TÄSIRLI GEÇDI
417 Ýaňy-ýakynda institutymyzda Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça ýurdumyzyň ýokary mekdepleriniň talyplarynyň arasynda onlaýn ders bäsleşigi geçirildi. Maňa bolsa bu bäsleşikde 1-nji derejeli diploma eýe bolmak miýesser etdi. Bäsleşik örän çekeleşikli we gyzykly geçdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ählisi özleriniň zehinlerini görkezdiler. Bäsleşigiň netijesinde meniň bilen birlikde, Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan hem-de Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinden talyp deň-duşlarym I derejeli diploma eýe boldular. II we III derejeli diplomlara bolsa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary eýe boldular. Bäsleşigiň netijesinde toparlaýyn 1-nji orna Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, 2-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti eýe boldy. Üçünji orna bolsa Türkmen döwlet medeniýet instituty eýe boldy.
Bäsleşik talyp ýaşlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, ylym-bilim ulgamynda tejribe alyşmakda we ähli dünýä ýaň salan taryhymyzy öwrenmekde örän täsirli boldy. Ýurdumyzyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek we özleşdirmek babatda geçirilýän şeýle bäsleşikler bize – talyp ýaşlara Watanymyzy söýmäge we ajaýyp geljegi nazarlamaga uly hyjuw döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde okamaga we döretmäge, ýurdumyzda geçirilýän şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, öz zehinimizi we ukyp-başarnyklarymyzy görkezmäge uly mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize köp sagbolsunlar aýdýarys!
Zibagözel REJEPOWA ,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
kitaphanaçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.