BEÝIK ÝEŇŞE BAGYŞLANDY
445Ýaňy-ýakynda institutymyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli «Watan gahrymanlarynyň edermenligi — nesillere nusga» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa institutymyzyň mugallymlarydyr bagtyýar talyp ýaşlary, şeýle-de ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň halypa mugallymlary gatnaşdylar. Çykyş edenler esasan, adamzadyň taryhynda gazaply uruşlaryň biri bolan Beýik watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy biz ýaş nesiller üçin unudylmajak mertlikdigini nygtaldy. Hususan-da, türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragynyň «Gahryman» diýen belent ada mynasyp bolandygy, galyberse-de Watanymyzyň azatlygyny, abadançylygyny goramak ugrunda edermenlik görkezen pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygyny we olaryň atlarynyň «Hatyra», «Şöhrat» atly neşirlerde ebedileşdirilendigini buýsançly bellediler. Duşuşygyň ahyrynda ýaýbaňlandyrylan birnäçe aýdym-sazly çykyşlar, oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.