GOŞA BAÝRAMA BAGYŞLANDY
362 Golaýda institutymyzyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Medeniýet ulgamynyň hukuk esaslary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlarydyr bagtyýar talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Bilşimiz ýaly, Watanymyzyň taryhynda uly ähmiýeti bolan Esasy Kanunyň kabul edilmeginiň we mukaddes tugumyzyň döredilmeginiň kalbymyzda aýratyn buýsanjy jemleýändigi bilen bir hatarda, döwlet nyşanlarymyz halkymyzyň sarsmaz bitewüligini, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Hut şu nukdaýnazardan, çykyş eden mugallymlarymyzdyr talyp deň-duşlarymyz bellenilýän goşa baýramyň baky jebisligimizi, ynsanperwerlik ýörelgelerimizi, dostluga ygrarlydygymyzy şöhlelendirýän buýsançly nyşanlarymyzdygyny aýratyn bellediler. Maslahatyň ahyrynda institutymyzyň döredijilik toparynyň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary gatnaşyjylaryň göwünlerini köp mertebe galkyndyrdy diýsek hakykatdan daş düşmeris.
Arslan HAJYMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Dramaturgiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.