HAlKARA DEREJELI MASLAHATLAR

418
   Türkmen döwlet medeniýet institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahatyň «Magtymguly Pyragy we dünýä medeniýeti» atly üçünji bölümi geçirildi. Bölümde TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew, Ermenistan, Gyrgyz Respublikasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri we institutyň professor-mugallymlary çykyş etdiler. Maslahatyň bölüminiň çäklerinde medeni gymmatlyklaryň sergisi we talyp ýaşlaryň milli aýdym-saz çykyşlary görkezildi.
   Şeýle-de Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň geçirýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatynyň «Magtymguly Pyragy we onuň zamanasy» atly bölümi geçirildi. Bölümde 10-dan gowrak daşary ýurtly alymlar, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri çykyş etdiler.

Selwer IBRAGIMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm