DÖREDIJILIK ÄGIRDINE ULY SARPA
366 Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler ýurdumyzda baý mazmuna eýe bolýar. Paýtagtymyzyň ileri künjünde, Köpetdagyň belentliginde açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagy bolsa, medeniýet ulgamynyň ösüşiniň taryhynda haýran galdyryjy täzelikdir. Bu barada ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň hem habar beriş serişdelerinde habar berildi. Köpetdagyň gerşinden – beýiklikden öz ile nazar aýlaýan Pyragynyň keşbi söz sungatynyň we paýhasyň bakylygyny kalbyňa salýan beýiklik bolup hakydaňda orun alýar. Köpetdagyň belentliginde açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylan gününden bäri hem bu ýere ildeşlerimiz buýsanç bilen gelýärler, şahyryň ýadygärligini synlaýarlar. Bu künjekde ýüregiňi joşduryjy, göwünleri ganatlandyryjy pikirler hyýalyňa gelýär. Şahyryň ýadygärlik heýkeli ähli il-ulsumyz üçin paýhasyň we çeper sözüň bakylygyny alamatlandyrýar.
Institutymyzyň mugallymlarynyň, talyplarynyň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna guran döredijilik gezelençleri hem diýseň täsirli boldy. Dabarada aýdym-saz ýaňlandy, şahyryň sungatdaky orny hakynda söhbet alşyldy. Bu döredijilik gezelenjine Türkmenistanyň halk artistleri Muhammetguly Kasymow, Näzik Gurbanowa, Geldi Myratnazarow, şeýle-de alypbaryjylyk sungatynyň syrlaryny talyplara öwredýän mugallym Handurdy Gurbanow, muzeý öwreniş boýunça hünärmen-mugallym Maral Hojagulyýewa dagy gatnaşdyrlar.
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy döredijilik bilen meşgullanýan diňe bir halypalaryň däl, eýsem ýaşlaryň hem togaply künjegine öwrülýär.
Bägül ANNABAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň mugallymy.