YLYM — DÜNÝÄŇ ŞAMÇYRAGY
384 Golaýda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Ylymlar güni mynasybetli «Medeniýeti we sungaty öwreniş ylymlarynyň esasy wezipeleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Iki bölümden ybarat bolan maslahata institutymyzyň professor mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Esasan çykyşlarda ylym-bilim ulgamynyň ýurdumyzdaky ösüşi, galyberse-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda sowatly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde gazanylýan belent sepgitler hakynda beýan edildi. Ylmy nukdaýnazardan nazara alnan, käbir ylmy açyşlaryň mazmuny tomaşaçylara ýetirildi. Bu ylym dünýäsi bilen baglanyşykly çykyşlar bolsa, öz gezeginde oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.