BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANDY
366 Ýakynda institutymyzyň mejlisler zalynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy — ýaşaýşyň ruhy sütüni» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa institutymyzyň halypa mugallymlarydyr bagtyýar talyplary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Çykyş edenler esasan, ýurmuzyda medeniýet ulgamyndaky gazanylýan üstünlikler, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň ilkinji nobatda ýaş nesli watansöýüji, ilhalar ynsan edip terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti hakynda çuň manyly gürrüň etdiler. Hususan-da, maslahatyň ahyrynda çykyşlaryň ahyrynda şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny aýtdylar.
Aknur MURADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Dramaturgiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.