BUÝSANÇNAMA
292 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy şamçyragy bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy uly dabaralara beslenýär. Bu şanly baýram mynasybetli geçirilýän medeni-köpçülikleýin, döredijilik çäreleri giň gerime eýe bolýar.
Maňa hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryñ döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary medeniýete, sungata we döredijilik gözleglerine ruhlandyrmak maksady bilen, şeýle hem Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyñ ýokary we mugallymçylyk orta hünär okuw mekdepleriniñ talyplarynyñ arasynda yglan edilen «Magtymguly Pyragy - köňülleriñ şamçyragy» atly makala ýazmak boýunça geçirilen bäsleşigiñ II derejesi boýunça 2-nji orna mynasyp bolmak miýesser etdi.
Beýik şahyrymyzyň edebi mirasy biziň ylham çeşmämizdir. Çünki akyldar şahyrymyzyň durmuş eleginden elenip, häzirki günlere ýetip gelen setirleri halkymyzyň aňyna, ruhuna ornaşandyr. Ol setirleriň gudratly güýji her bir döwürde türkmen halkyny bagtly geljege ýagşy umyt bagladyp, ruhuny galkyndyrypdyr.
Beýik şahsyýetlerimiziň mertebesini belent tutmakda, olaryň edebi mirasyny halka ýetirmekde nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Käbe SARENKO,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.