HOŞALLYK

419
   Türkmen halkynyň howandary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän, çuňňur hormatlanýan Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde, döredijilik bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen yglan eden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigine «Ismiň, Magtymgulydyr!» atly sahna eserim bilen gatnaşyp, iň gowy sahna eseri ugrunda ýeňiji diýip yglan edilip, şa serpaýyna mynasyp bolmak miýesser etdi.
   Galkynyşly döwrümiziň bagtly talyp ýaşlary hökmünde, bu meniň üçin ýatdan çykmajak taryhy waka. Hakykatdan-da, biz – döwrümiziň bagtly ýaşlary, çünki zähmetimiz üçin şa serpaýy bilen sylaglanýarys. Elbetde, şeýle uly serpaýa mynasyp bolmagymda ilki bilen baş halypamyz Gahryman Arkadagymyzyň, biz ýaşlaryň göreldesi, nusgalyk mekdebimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, bize bilim berýän ussat, halypa mugallymlarymyzyň, bilim ojagymyzyň çäksiz ähmiýeti bar.

Sylag berip abraý bilen özgerşe bat bolduňyz,
Ýokary okuw ojagymyza buýsançly şan saldyňyz,
Biz türkmeniň bagtly ogly, bagtly gyzy, gelni – biz.
Arkadagly Gahrymanyň, Milli Lideriň joşlary
Biz – Watanyň şa serpaýly, baky bagtly ýaşlary.

   Akyldarymyz Magtymguly Pyragyny tirsegine daýandyryp, peşgeş beren bu ajap döwrüňizde döredijiligiň aşygy bolan biz – talyp ýaşlara okamaga, döretmäge berýän giň gerimli hemaýatyňyz üçin, Howandarymyz Gahryman Arkadagymyza, ýurt Baştutany, ýaşlaryň görelde mekdebi Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlara bildirýän uly ynamlaryna köp sag bolsun aýdýarys.
   Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlary sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan nusgawy işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Nursoltan DERÝAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 
teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm