TALYPLARYŇ YLHAM JOŞGUNY
352 22-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan okamak (sözleriniň aýdylyşyny dürs we manysy boýunça dogry, çeper ýerine ýetiriş ussatlygy) boýunça, şeýle-de «Taraşlap şaglatgyl, köňle geleniň...» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň akyldar şahyryň parasatly pikirlerine, çuňňur manyly döredijiligine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak, olaryň ýatkeşlik, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerine ýardam etmek, olarda eziz Watanymyza, milli medeniýetimize egsilmez buýsanjy döretmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikler özüniň oňyn netijesini hem berdi.
Bäsleşigiň geçiş tertibiniň aýratynlygy onuň şertleriniň özboluşlylygynda jemlenip, ozal tanyş bolmadyk ugurlarda özüňi synap görmäge döredilen mümkinçilikde aýdyň duýuldy.
Bir wagtyň özünde iki bäsleşigi özünde jemlän bu gün oňa gatnaşyjy her bir talybyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlary özünde jemledi.
Emin agzalaryň gelen netijelerine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden öňdäki orunlary eýelän talyp ýoldaşlary bilen bir hatarda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan okamak boýunça institutymyzyň teatr sungaty fakultetiniň dramaturgiýa taýýarlygyň ugrunyň 4-nji ýyl talyby Kerim Atçapanow 2-nji orna, «Taraşlap şaglatgyl, köňle geleniň..» atly bäsleşik boýunça bolsa, dramaturgiýa taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Nursoltan Derýaýewa 1-nji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere hormat haty, işjeň gatnaşanlara bolsa, minnetdarlyk haty we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ezizmuhammet ATDAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň mugallymy.