MEDENIÝET-SUNGAT – KALPLARYŇ AÇARY
619 «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň medeni maksatnamasyna laýyklykda, dünýäniň çar künjeginde dana Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly halkara maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly dabaralar yzygiderli geçirilýär. Bu çärelere ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýar. Ynha, şu ýylyň 6-12-nji awgusty aralygynda Wengriýa Respublikasynyň Budapeş şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de “Hungarian-Turan” gaznasy tarapyndan «Kurultaý» atly halkara medeni çäresine badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew– müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabarada, Türkmenistanda kitaphanaçylyk işiniň ösüşi we kitap neşir önümleri barada, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy hakynda täsirli çykyşlar edildi. Türkmen medeniýetini sungatynyň, baý edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmäge, ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülbahar DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň kitaphana müdiri