AÝDYŇ MAKSATLARYŇ GÖZBAŞY
170 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bu – maksada okgunly ýaşlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan döwri. Ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýän döwri. Ynamly we yhlasly ädimleriň ýeňişli menzillere ýetirýän döwri…
Şu hakykat ýaşlaryň durmuşyndan aýan bolýar. Men şol bagtdan paýly ýaşlaryň biri bolandygyma diýseň begenýärin. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň magistr maksatnamasy boýunça okuwa kabul edilmegim durmuşymda täze, beýik menzillere ýol açdy. Saýlap alan hünäriň boýunça alan bilimiňi has-da artdyrmak üçin mümkinçilikleriň döredilmegi, ylym-bilim ulgamynda ýaşlaryň ornunyň has ýokarlanmagynyň esasy şertidir. Hut şonuň üçin hem, bu meniň üçin tolgundyryjydyr. Halypa mugallymlarymdan öwrenenlerimi tejribede özleşdirmäge iň amatly pursatlaryň başlanmagy täze arzuwlara hem ganat berýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň üns merkezinde saklaýan halypa-şägirtlik ýoly biz – ýaşlaryň geljek üçin aýdyň maksatlarynyň gözbaşydyr. Ilkinji gadam basan ylym-bilim ojagymda magistr maksatnamasy boýunça okuwymy dowam etdirmegim bilen durmuşymda täze arzyly sahypalar açyldy. Watanymyzyň geljekki ösüşlerine saldamly goşandymyzy goşmak ugrunda okamak, zähmet çekmek biziň borjumyz diýip düşünýärin. Bu ugurda bilim aljak ähli deň-duşlaryma hem üstünlik arzuw edýärin.
Goý, ýaş nesilleriň ylym-bilim derejesini Watanymyzyň ylym-bilim kuwwaty hasaplap, ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Kerim ATÇAPANOW,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň magistri.