ARZUWYM HASYL BOLDY
137 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gülläp gül açýan möwsüminiň bagtly ýaşlary bolmak diýseň uly bagt, çünki biz – ýaşlaryň watansöýüjiligine ganat berýän arzuwlarymyz hasyl bolýar. Biziň halal ýaşamagymyz, döredijilikli zähmetimiz, okap ylym-bilim almagymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Men muňa ýene bir gerek şaýat boldum. Esasan, 2024-nji ýyl meniň durmuşyma aýratyn täsir eden wakalara beslendi. Durmuşymyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Maňa şu ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolup, şa serpaýna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Ine, bu gün bolsa, begenjim goşalandy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bagtyýar talyby boldum. Bu meniň ýüregimde beslän arzuwymdy. Şunuň özi meniň üçin hem begenç hem-de jogapkärçilik diýip düşünýärin. Çünki häzirki döwürde ýaşlaryň öňünde uly wezipeler durýar. Şeýle eşretli zamanada ýaşap, okap, özgermek, döretmek döwrüň batly sesine sesiňi goşmagyň özi, ýürek joşdugydyr.
Bize – ýaşlara asuda döwletde, bolelin durmuşda ýaşap, okamaga, döretmäge berýän giň gerimli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, ýurt baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş talyp ýüregimizden köp sag bolsun aýdýarys. Bagtly döwrüň bagtyýar talyby hökmünde biz hem özümize ynanylan bu ynamy ödemek üçin Watana we bilim ojagymyza wepaly talyp ýaşlar bolup, öz goşandymyzy goşjaklygymyza ynandyrýaryn.
Bize şeýle ajaýyp bagtyň miýesser etmegi üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary hemişe aman bolsun!
Sähra BATYROWA,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň 1-nji ýyl talyby.