GOŞA BAGT
414 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda biz – ýaşlara döredilip berilýän mümkinçilikler sanardan köp. Ine, meniň durmuşymyň iň buýsançly pursatlary hem şoňa şaýatlyk edýär. Bu ýyl meniň üçin ömrümiň ýatdan çykmajak ýyllarynyň biri boldy diýsem, hakykatdan daş düşmerin. Akyldar Pyragynyň doglan gününiň bellenilýän günlerinde, «Pähim-paýhasy ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijisi bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa serpaýyna mynasyp boldum. Ynsanyň bagty çüwse, ähli üstünlikler sepleşip geliberýän eken. Ýagny, maňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby bolmak bagty-da miýesser etdi. Bu şatlygym söze sygmaýar, ýüregim begençden doly. Her bir ynsanyň durmuşy şeýlekin gowy günlerden ybarat bolsun! Nesip bolsa, geljekki medeniýet işgäri hökmünde, saýlap alan hünärime wepaly hünärmen bolup, halypa mugallymlardan öwrenenlerimi doly özleşdirip, ýurdumyzyň ösüşleri üçin özümiň mynasyp goşandymy goşaryn!
Bagtyýar ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Dürli KÜRÄÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
telewideniýe režissurasy taýýarlygyň
ugrunyň 1-nji ýyl talyby.