TALYPLYK BAGTY ULY BAGT
493 Kähalatlarda ykbalyň seni garaşylmadyk menzillere, ýollara artýandygyny duýman galýan ekeniň. Şu ýyl meniň hem durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Gündogaryň beýik akyldary, ussat şahyrymyz dana Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa-da Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Çyn ýürekden edilen yhlas islendik ynsany hem bagtly pursatlara ýetirýär. Talyplyk – ömrüň altyn çagy, ýaşlygyň bahary. «Talyp» adyna eýe bolmak üçin irginsiz okap kämilleşmegiň zerurlygy bolsa, öz-özünden düşnükli zat. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby bolmagyň maňa-da miýesser etmegi, okap, kämil bilim alyp medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekjek hünärmen bolup, Garaşsyz Watanymyza halal gulluk etmäge borçlandyrýar. Men öz ýürek buýsanjymy goşgy setirleri bilen jemläsim gelýär.
Binýady berk Watan goýnun gülletjek,
Bagtly iliň şanyn dünýä belli etjek,
Ýurt öňünde belent abraýa ýetjek,
Biz – bagtyýar döwrüň bagtly talyby.
Aslynda, her bir döredijilik adamsy döwrümiziň sesine ses goşup, Watanymyzyň üstünliklerini halka wagyz edijiler bolmalydyrlar. Ýaşlara döwrebap we kämil bilim ösen sanly ulgamyň mümkinçiliklerinde ylym-bilim almaga taýsyz tagallalary döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýaryn. Goý, olaryň janlary sag, belent başlary aman, il bähbitli, dünýä ähmiýetli, tutumly işleri hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Şageldi SALYHOW,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň 1-nji ýyl talyby.