SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNYŇ GELJEKKI HÜNÄRMENLERI ÜÇIN OKUW MASLAHATY
421Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine hem örän uly üns
berýär. 2024-nji ýylyň 27-29-njy awgustynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
wekilleri Gazagystanyň Almaty şäherinde geljekki gidler üçin geçirilen okuw maslahatyna
gatnaşdylar. Maslahat Merkezi Aziýa (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan,
Türkmenistan, Özbegistan) ýurtlarynyň syýahatçylygynyň ösüşi bilen baglanyşykly
bilim edaralaryndan Ýüpek ýolunyň ýaşajyk gidleri üçin ýörite
niýetlenilip, «Ýüpek ýolunyň miras
geçelgesi Merkezi Aziýada – medeni mirasyň Ýewropa ýylynyň nukdaýnazary»
ÝB/ÝUNESKO taslamasynyň çäklerinde geçirildi.
Okuwyň esasy maksady Ýüpek ýolunyň
mirasynyň saklanylyşyna we meşhurlaşmagyna ähmiýet bermek bilen, geljekki syýahatçylyk
gidleriniň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle-de Merkezi Aziýanyň
syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüşine ýardam etmäge gönükdirilendir.
Okuw maslahatynyň açylyşynda ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki Sebit ofisiniň başlygy Amir Piriç, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystan
Respublikasyndaky wekili hem-de Syýahatçylyk gidleriniň assosiasiýasynyň
Bütindünýä federasiýasynyň prezidenti Sebastýan Frankenberger (WFTGA) giriş sözleri bilen çykyş etdiler.
Gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň syýahatçylyk gidleri üçin
taslamasynyň maglumatlary bilen tanyşdyryldy, şeýle-de aşakdaky ugurlar boýunça
nazary we amaly okuwlar geçildi: ÝUNESKO-nyň mirasy boýunça gid hünäri, ÝUNESKO-nyň mirasy boýunça gidler üçin
kommunikasiýa, durnukly syýahatçylykda gidiň orny, hemmeler üçin syýahatçylyk, hünär
etikasy we gidiň iş ukyplary, syýahatçylyk gidleri üçin storytelling, ÝUNESKO konwensiýasy we
terminologiýa.
Okuw
sapaklarynyň ählisi interaktiw görnüşde geçip, nazaryýet tejribe bilen berkidildi.
Okuw sapagynyň jemi boýunça gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy.
Ogulsona GOJAÝEWA,
Türkmen döwlet medeni institutynyň
maglumat ulgamlary kafedrasynyň müdiri.