ONLAÝN SEMINAR
4762024-nji ýylyň 19-20 sentýabrynda
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary Özbegistan Respublikasynyň
ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministrliginiň Özbegistandaky Erasmus+
milli ofisi we Daşkentdäki Alişer Nowaýy adyndaky özbek dili we edebiýaty
döwlet uniwersiteti bilen bilelikde guran “Ýokary okuw mekdepleri üçin
strategiýa: QS we THE halkara bahalandyrmada ýetilen üstünlikler. Üstünligi
aýan etmek: ýokary okuw mekdepleri üçin QS we THE bahalandyrma boýunça
ugrukdyrma” atly onlaýn geçirilen seminar okuwlara gatnaşdylar.
Çäräniň esasy maksady –
hil görkezijilerini halkara ülňülerine laýyk getirmekde Özbegistanyň bilim
edaralaryna amaly goldaw bermekdir. Bu seminar okuwyna Özbegistan
Respublikasynyň ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministriniň orunbasary Şohruh
Daliýew, Özbegistandaky Erasmus+ milli ofisiň ýolbaşçysy Aziza Abdyrahmanowa,
şeýle hem Bilim, ylym we innowasiýalar ministrliginiň halkara hyzmatdaşlygy we
bahalandyryş bölüminiň başlygy Diýor Umarow gatnaşyp, gutlag sözi bilen çykyş
etdiler. Seminaryň esasy bilermeni we nutukçysy professor Ellen Heýzelkorn ýokary
okuw mekdepleriniň wekillerine halkara uniwersitetler baha beriş konsepsiýasy
we onuň ähmiýeti, şeýle hem ýokary bilim ulgamynda hil ölçegleri hakynda
giňişleýin gürrüň berdi. Okuwyň amaly bölümçesinde professor bar bolan (THE, QS
we ARWU) bahalandyryş ulgamlaryny hödürläp, olaryň ölçeglerini, usulyýetini,
artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini düşündirdi. Iki gün dowam eden seminar
okuwynda halkara bilermeni, BH Associates bilim boýunça maslahatçysy, Dublin uniwersitetiniň
hormatly professory, ýokary bilim ulgamynda syýasy synyň redaktory, Ýewropa
Bileleşiginiň ýokary bilim meseleleri boýunça maslahat beriş (HESS) toparynyň
agzasy hem-de Ýewropa ýokary bilim edaralar assosiasiýasynyň Strategiki
maslahat beriş komitetiniň agzasy Ellen Heýzelkorn Özbegistandaky ýokary okuw
mekdepleriň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin strategik gural
hökmünde bahalandyryşy ulanmak boýunça
görkezmeleri berdi. Şeýle hem seminar okuwynda, halkara bahalandyrmada
mynasyp ýer alan, özbek uniwersitetleriniň wekilleri öz tejribeleri bilen
paýlaşdylar.
Bu seminar okuwy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin örän peýdaly boldy, sebäbi Türkmenistanyň
hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bilim pudagynda alyp barýan
syýasatyna laýyklykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde ýokary
taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak we ýokary okuw mekdeplerini halkara
uniwersitetler bahalandyryş ulgamyna goşmak meselesi durýar.