ALKYŞYMYZ EGSILMEÝÄR

523
Her bir baýramçylygyň halkymyzyň durmuşynda uly orny bar. Ýöne Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň baýramçylygynyň şatlygy we täsirliligi has uly bolýar. Çünki şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly döwletli tutumlarynyň belent derejesiniň we aýdyň netijeleriniň dabaralanýan güni. Häzirki wagtda eziz Diýarymyz taryhy jähetden iňňän uly tutumlaryň durmuşa geçirilýän ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda syýasy- jemgyýetçilik ösüşleriniň dürli ugurlarynda dünýä nusgalyk uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ylym-bilim özgertmeleri bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Belent mertebeli Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim ulgamlarynyň ösüşlerine laýyk gelýän öňegidişlikleriň gazanylmagy üçin iňňän uly  işleri amala aşyrýarlar. Şonuň özi hem milli ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamynyň işgärleriniň ýüreklerinde uly buýsanç döredýär. Şu ýylyň 24-nji awgustynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygary bilen geçirilen bilim işgärleriniň maslahatyndan soň öňümizde durýan wezipelerinden hem ugur almak bilen, ýaşlaryň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk kemala gelmegi üçin ylmy-barlaglaryň netijeleriniň ýokarlandyrylmak esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Ylym bolsa, tükeniksiz hazyna, onuň dürdänelerini ýygnamak we geljekki ýaşlara ylmyň durmuş esaslylygyny nusga etmek juda derwaýysdyr. Biziň dünýä ýüzünde at-abraýy barha beýgelýän mähriban Watanymyzyň ösüşleri ylym- bilimiň netijelerine esaslanýar. Şu hakykata bolan berk ynam bolsa, bizi hemişe döredijilikli işlemäge borçlandyrýar.
Ýyllary ýyllardan taryhyň çuň mana öwrülen sahypalary bilen tapawutlanýan Garaşsyz Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 baýramçylygy uly dabara we şowhun bilen bellenildi. Dabaranyň çawy ýüreklere mähir we ylham paýlady. Şeýle-de durmuşyň iň bir aýratyn günleriniň biri hökmünde hakydalarymyza ýazyldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň halk Maslahatynyň Mejlisinde, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024– 2052-nji ýyllar üçin strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Permana gol çekdi. Bu bolsa, köpçüligiň ýüregine jaý möhüm maslahatlaryň ata-babalarymyzyň ýörelgelerine kybap gelýän şeýle döwletli ýygnanyşyklarda kabul edilýändigini ýene bir gezek ykrar etdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrunda bäsleşigiň jemleri hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Kararyna laýyklykda baýraklara mynasyp bolan ildeşlerimiziň bolsa, begençleriniň çägi ýok.
Şeýle bagtyýarlyk Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem işgärleriniň, talyplarynyň birnäçesine miýesser etdi. «Watana bolan söýgüsi üçin»  atly medal bilen sylaglanan  onlarça ýyllap şol bir ulgamda üstünlikli işläp, özüniň başarnygyny
we yhlasyny görkezen, institutyň okuw işleri boýunça prorektory Oguljennet Ýazmyradowanyň, zehinli halypa artist, uly mugallym Aýsoltan Pälwanowanyň, institutyň ylym bölüminiň başlygy Sähragül Janmämmedowanyň ýürek sözleri Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlar bilen köpleriň kalplaryna ornady. Institutyň ýaş mugallymlary Repbimowa Aýbölegiň, Şöhrat Myradowuň, talyp Eziz Bäşiýewiň Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrunda bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde sylaglanmagy ýaşlaryň zähmetine berlen uly bahadyr, döredijilige goýlan tükeniksiz uly sarpadyr.
Biz ylym-bilim işgärleriniň zähmetine uly hormat goýýan belent mertebeli Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çäksiz uly alkyş aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag bolsun, mertebeleri belent bolsun! Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy  Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bilen gutlaýarys. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş, mertebe-şan bolsun!
Türkmen döwlet medeniýet instituty.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm