TERBIÝÄNIŇ NUSGALYK MEKDEBI

481 Ýaşuly nesil halkymyzyň ezelden sylaglanylýan, hormatlanylýan
adamlarydyr. Ine, şeýle nusgalyk işlere eýerip, 1-nji oktýabrda institutymyzyň
mejlisler zalynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli dabara geçirildi. Oňa
ýokary okuw mekdebimizde zähmet çeken we häzirki wagtda talyplara halypalyk
edýän halypa mugallymlar, bagtyýar talyplar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Hususan, dabaranyň dowamynda ýaşuly mugallymlarymyza Hormat hatlarydyr
gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Soňra ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda esasan,
bagtyýar döwrümiziň geljegi bolan ýaşlaryň durmuşynda ýaşulularyň
maslahatynyň ähmiýeti we göreldesi hakynda manyly gürrüň edildi. Dabaranyň
ahyrynda ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Ylham Agamämmedow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm