BEÝIKLIGE BESLENEN DABARA

289

Kitap ynsanyýetiň köňül aýnasy. Ol ýörejek ýolumyzyň şamçyragydyr.Ýakynda, institutymyzyň
mejlisler zalynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensklopedik
kitabynyň XVI jiltiniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Oňa institutymyzyň halypa
mugallymlarydyr bagtyýar talyplary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabynyň many-mazmuny
hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, kitabyň gözel tebigatymyza, onuň baý
ösümlik dünýäsine bolan söýgini has hem biz ýaşlaryň aňyna guýmakdaky ähmiýeti
hakynda durup geçdiler. Buýsançly başymyzy beýiklige beslän dabaranyň ahyrynda
ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlarda, ata Watanymyzyň, bagtyýar döwrümiziň waspy
joşgunly ýaňlandy.



Begenç
ANNAÝEW,



Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby. 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm