ARZUWLARYM HASYL BOLDY
2Arzuwlaryňa ýetmek gör nähili ýakymly. Hakyň halan, halkyň saýlan ogly
Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
adyl parasaty bilen biziň her bir geçýän günümiz taryhyň sahypalaryna altyn harplar
bilen ýazylýar. Ýaşlara döwrebap ylym bermek, zehinli, dünýäniň ösen
tehnologiýalaryndan baş çykarýan kämil ýaşlar edip ýetişdirmekde bimöçber
aladalar edilýär. Biz ýaşlar munuň şeýledigine her günümizde şaýat bolýarys. Dana
şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän üstümizdäki ajaýyp ýylymyzda Türkmenistanyň
Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagty maňa-da nesip etdi. Biz bu gün elimizi çep
gursagymyzyň üstünde goýup: «Biz dünýäniň iň bagtly ýaşlary» diýýäris. Goý, ähli
ugurlarda biz ýaşlara halypa bolup duran Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Biz ýaşlaryň
nurana geljegine gönükdiren belent maksatlary myrat tapsyn!
Ylham
AGAMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby.