ÜSTÜNLIK GETIREN BÄSLEŞIK
6Ýakynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylymyz mynasybetli
Türkmen döwlet medeniýet instituty tarapyndan ýurdumyzdaky ýokary okuw
mekdepleriniň bagtyýar talyp ýaşlarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy we Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» atly publisistik makalalaryň bäsleşigi
geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzda hereket edýän birnäçe ýokary okuw Oňa
institutymyzdan hem talyp gatnaşyp, şolardan ikisi (Begenç Annaýew, Bilbil
Çarýarowa) ýeňiji orunlara mynasyp boldy. Bäsleşige tabşyrylan eserleriň
mazmuny bagtyýar döwrümizde akyldar Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti bilen
berk baglanyşykly boldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Hormat hatlarydyr
Minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandylar.
Bilbil ÇARYÝAROWA,
Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby.